Top.Mail.Ru

Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlary hatyralandy

14:1409.05.2024
0
18314

Türkmenistanda 1941 --- 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy dabaraly bellenildi.

Esasy dabaralar Aşgabatdaky "Halk hakydasy" ýadygärlikler toplumynyň çäginde geçirilip, bu ýerde Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ak saçly eneler, zähmet toparlarynyň wekilleri, paýtagtyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary we köp sanly beýlekiler ýadygärliklere gül goýmak çäresine gatnaşdylar.

Däp bolşy ýaly, Gökdepe söweşinde wepat bolanlaryň "Milletiň ogullary", Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň "Baky ot" we Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlaryň "Ruhy tagzym" ýadygärliklerine gül desseleri goýlup, hormat bildirildi.

Esasan-da, Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan esgerleriň hormatyna dikilen ýadygärlige köp sanly gül desseleri goýlup, olaryň synmaz ruhuna tagzym edildi.

Bu ýere dünýäni faşizmden goran, Watan azatlygy we garaşsyzlygy, erkinlik, geljek nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda baş goýan ata-babalaryň ebedi ýadygärligine hormat bildirmek üçin ýüzlerçe adam ýygnandy.

"Halk hakydasy" ýadygärlikler toplumynda Türkmenistanyň Döwlet senasynyň dabaraly ýaňlanmagy bilen, hormat goýmak çäresi başlandy. Harby orkestr tarapyndan Beýik Watançylyk urşunyň pidalaryna halkyň gynanjyny beýan edýän sazlar ýerine ýetirildi.

Soňra ýadygärlige gül desseleri goýuldy. Birnäçe minudyň dowamynda köp sanly gül çemenleri ýadygärligiň etegini owadan haly kimin örtdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň