Soňky habarlar

Arhiw

Gurban Berdiýew «Dinamonyň» prezidentiniň geňeşçiligine bellenildi

10:1815.04.2024
0
13146

71 ýaşly türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýew Mahaçkalanyň «Dinamo» toparynyň prezidentiniň geňeşçisiniň wezipesini ýerine ýetirer. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berdi.

Mundan ozal 2023-nji ýylyň iýunyndan 2024-nji ýylyň fewralyna çenli Gurban Berdiýew bu toparda baş tälimçi bolup işläpdi. Toparyň häzirki prezidenti Gaji Gajiýewdir.

Klubuň metbugat beýanatynda golaýda «Dinamonyň» prezidenti Gaji Gajiýewiň we Gurban Berdiýewiň Dagystanyň ýolbaşçysy Sergeý Melikow bilen duşuşandygy bellenilýär. S.Melikow Gurban Berdiýewi aprel aýynyň ahyrynda geçiriljek klubuň hemaýatkärler geňeşiniň mejlisine çagyrdy we G.Berdiýew «Dinamonyň» prezidentiniň geňeşçisi hökmünde çakylygy kabul etdi.

Häzirki wagtda «Dinamo» 25 oýunda toplanan 44 utuk bilen Russiýanyň çempionatynyň Birinji ligasynyň turnir tablisasynda üçünji ýerde barýar. Mahaçkala topary Russiýanyň Premýer-ligasyna gönüden-göni çykmaga ýollanma berýän ikinji orundaky «Himkiden» bary-ýogy 1 utuk yzda. Turnir tablisasynyň lideri «Akronda» bolsa 46 utuk bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň