Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

13-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

12:0713.04.2024
0
11218

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, Aşgabatda kömelek möwsümi açyldy, Ýagşymyradow garşydaşyny tehniki nokaut bilen ýeňip, PFL-de ilkinji çykyşyny üstünlikli geçirdi we beýleki habarlar

Türkmenistanda


1. «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky raýatlaryň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna haýyr-sahawat serişdelerini geçirmekleri üçin «Senagat töleg» ykjam programma üpjünçiligini işläp taýýarlady. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow habar berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

2. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty 18-nji maýda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirer. Forum beýik türkmen şahyry we akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak çäreleriň çäklerinde geçiriler. Maslahata ÝUNESKO-nyň, TÜRKSOÝ-yň wekilleri, şeýle hem dünýäniň 34 döwletinden alymlar gatnaşarlar.

3. Türkmenistanda Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde üýtgeşik käriziň üstünden baryldy – bu gadymy suw üpjünçilik ulgamy şeýle gidrotehniki gurluş usulynyň Ahal welaýatynyň çäginde gadymy döwürlerden bäri ulanylyp gelnendigini subut edýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda hem giňişleýin bellenilýär.

4. Dünýäniň meşhur ylmy merkezleri bilen ozal gol çekilen ylalaşyklara laýyklykda, Türkmenistanda bilelikdäki arheologik gözlegler dowam etdiriler. Hususan-da, Goňurdepe ýadygärliginde türkmen-rus, «Togalak — 1» ýadygärliginde we Köne Nusaý galasynda türkmen-italýan, Daňdanakan galasynda bolsa türkmen-amerikan arheologiýa toparlarynyň işleri alnyp barlar.

5. Türkmenistanda şu hepde aýratyn ýagyşly boldy. Hakyky ýaz ýagyşlary salkyn howany getirdiler we elbetde, kömelekleriň çykmagyna sebäp boldular. Ýagyşdan soň derrew gum kömelekleri çykyp başlady. Ähli kömelek toplaýjylar hasyl ýygnamak üçin meýdana çykdylar. 13-nji aprelde, şenbe güni ýurtda ýene ýagşyň ýagmagyna garaşylýar, şonuň üçin hem dynç günleri kömelek möwsümi dowam eder.

6. Türkmenistan Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisini kabul ediji tarap hökmünde çykyş eder. Mejlis şu ýylyň 15 — 19-njy apreli aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler.

Dünýäde

7. 12-nji aprelde moda dünýäsi iň parlak ýyldyzlarynyň birini – Roberto Kawallini ýitirdi. Meşhur italýan dizaýneri 84 ýaşynda aradan çykdy we yzynda kaşaň kolleksiýalar hem-de adyny göterýän brend görnüşinde baý miras galdyrdy. Florensiýada doglan Kawalli ýaşlykdan moda bilen gyzyklanýardy. Sungat akademiýasyndan diplom alyp bilmese-de, 1970-nji ýylda öz moda öýüni açmak bilen ajaýyp üstünlik gazandy. Parižde 30 ýaşynda ilkinji moda görkezilişini guramagy täze ýyldyzyň dünýä inendigini alamatlandyrdy. Eýýäm iki ýyldan soň Kawalli Florensiýada meşhurlyk gazandy.

8. Täze «Xiaomi SU7» elektrik awtoulagy ýol-ulag heläkçiligine uçrady. Premium derejeli «Mercedes-Benz» bilen çaknyşmak Hytaýyň awtoulag ägirdiniň elektromobili bilen baglanyşykly ilkinji hasaba alnan waka boldy. Heläkçilik bolan ýerden suratlar tiz wagtda internete ýaýrady. Olarda iki awtoulaga hem uly zeper ýetendigi görünýär. Polisiýanyň maglumatyna görä, heläkçiligiň sebäbi ýolyşygyň signallarynda bulaşyklyk bilen baglanyşyklydyr.

Sport habarlary

9. Şu gün Las-Wegas şäherinde garyşyk söweş sungatlary boýunça PFL 2 ýaryşy geçirildi. Onda türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow bilen sloweniýaly Jeýkob Nedonyň tutluşygy boldy. Ýarym agyr agram derejesinde geçirilen tutluşyk birinji raundda türkmen türgeniniň tehniki nokauty bilen tamamlandy. 34 ýaşly Döwletjanyň bu ýeňşi professional karýerasynda yzly-yzyna dördünji we PFL ýaryşyndaky ilkinji üstünligidir.

10. 15 – 20-nji aprel aralygynda Aşgabatda geçiriljek hokkeý boýunça halkara ýaryşda paýtagtyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan saýlanyp alnan meýletinçileriň 200-si işlär. Şu günler Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan meýletinçileri taýýarlamak işleriniň ahyrky tapgyry alnyp barylýar. Olaryň her biriniň jogap berýän ugurlary kesgitlendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň