«Türkmennebit» döwlet konserni boýunça şu ýylyň ilkinji üç aýynda çykarylan «gara altynyň» we mawy ýangyjyň möçberi, degişlilikde, 904 müň tonna we 1 milliard 2 million kub metre golaýlady. Bu görkezijiler «gara altynyň» hem-de mawy ýangyjyň bellenilen meýilnamalardan artyk çykarylandygyndan habar berýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde çap edilen habarda bellenilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, degişli döwürde hereket edýän guýulardan alnan nebit çig malynyň 704 müň tonna golaýy gaýtadan işlenilip, meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Häzirki zamanyň kämil buraw desgalaryna eýe bolan konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestine degişli müdirlikler tarapyndan gazylan dag jynslarynyň umumy çuňlugy 37 müň 841 metre ýetirilip, tabşyryga 102,5 göterim hötde gelindi. Şonuň ýaly-da, ulanyş we gözleg maksatly täze guýulary gazmagyň umumy meýilnamasy 102,5 göterim amal edildi. «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň müdirlikleri boýunça önümçilige tabşyrylan ulanyş maksatly guýularyň sany 7-ä ýetirildi.
Geçen hasabat döwründe nebit we nebithimiýa önümlerini taýýarlamakda guwandyryjy netijeler gazanyldy. Hususan-da, dürli görnüşli ýokary hilli benziniň jemi 325,5 müň tonnadan gowragy sarp edijilere ýetirildi. Jemi 91 müň 791 tonna kerosin taýýarlamagyň tabşyrygy 111,6 göterim, 331 müň 119 tonna dizel ýangyjy baradaky meýilnama 100 göterim amal edilipdir. Mazut taýýarlamakda 103 göterim, suwuklandyrylan gaz babatda 230,3, nebit bitumy boýunça 211 göterim ösüş gazanylypdyr. Tutuş konsern boýunça şeýle ýokary ykdysady görkezijilere ýetilmeginde «Goturdepenebit», «Gumdagnebit», «Keýmir» nebitgaz çykaryş hem-de «Goturdepe» buraw işleri müdirlikleriniň saldamly goşandy bar.