«Awaza» döwlet elektrik stansiýasynda 310 million kilowat-sagatdan gowrak elektrik energiýasy öndürildi

09:2603.04.2024
0
4956
«Awaza» döwlet elektrik stansiýasynda 310 million kilowat-sagatdan gowrak elektrik energiýasy öndürildi
Surat: minenergo.gov.tm

«Awaza» döwlet elektrik stansiýasynyň hünärmenleri 2024-nji ýylyň geçen ilkinji çärýeginde 311 million kilowat-sagada barabar elektrik energiýasyny öndürmegi başardylar. «Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, kärhana boýunça geçen üç aý üçin bellenilen meýilnama 113 göterim berjaý edildi.

Habarda bellenilişi ýaly, hünärmenler gürrüňi edilýän hasabat döwründe meýilnama goşmaça 36 million kilowat-sagat elektrik energiýasyny öndürmegiň hötdesinden geldiler. Kärhananyň energetikleriniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depginini 134 göterime çenli ýokarlandyrmagy başarandyklaryny hem aýratyn nygtamak gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň