Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandan Eýrana iberilýän elektrik energiýasyny üç esse artdyrmak meýilleşdirilýär

15:4529.04.2024
0
10045

Ýakyn geljekde Türkmenistandan Eýrana eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberini üç esse artdyrmak meýilleşdirilýär. Türkmen wekiliýetiniň Tährana guralan iş saparynyň çäklerinde bu baradaky mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Tehran Times» ýazýar.

Saparyň çäklerinde taraplar Türkmenistandan Eýrana iberilýän elektrik energiýasyny artdyrmak we iki döwletiň arasynda üçünji elektrik geçiriji ulgamyny gurmak we ulanyşa bermek boýunça bilelikdäki kärhanany döretmek taslamasyny maliýeleşdirmek barada pikir alyşdylar.

«Ýokarda agzalan elektrik geçiriji ulgamy ulanylyşa berlenden soňra, Türkmenistandan Eýrana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberi üç esse artar» diýip, «Tanawir» daşary söwda wekilhanasynyň baş müdiri Mehrdad Eklimi belleýär.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan häzirki wagtda elektrik energiýasyny Eýrandan başga-da Owganystana, Özbegistana we Gyrgyzystana eksport edýär. Şol bir wagtyň özünde türkmen tarapy elektrik energiýasyny Eýranyň üsti bilen Kawkaz ýurtlaryna hem-de Owganystanyň üsti bilen Günorta Aziýa döwletlerine ibermegiň mümkinçilikleri bilen gyzyklanýar.

Türkmenistanda elektrik energiýasy tebigy gazdan öndürilýär. Döwlet meýilnamasyna laýyklykda, elektrik energiýasynyň umumy önümçiligi 2021-nji ýylda 28,4 milliard kilowat-sagada deň bolan bolsa, bu görkezijini 2028-nji ýylda 37,5 milliard kilowat-sagada çenli ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň