Türkmenistan TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişinde öňegidişligiň bardygyny mälim etdi

17:0924.04.2024
0
9388

«TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynyň Baş direktory Muhammetmyrat Amanow şu gün Parižde öz işine başlan Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara maýa goýum forumynda (TEIF — 2024) Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň häzirki ýagdaýy barada gürrüň berdi. «Turkmenportalyň» habarçysy habar berdi.

M.Amanow Türkmenistanyň turbageçirijiniň öz çägindäki böleginiň gurluşygyny doly tamamlandygyny aýtdy. Howpsuzlyk we turbalary çekmek üçin ýer almak meselesinde Owganystan bilen möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Şeýle-de Pakistan halkara karz berijileri çekmek üçin TOPH taslamasyna Daşary ýurt maýa goýumlaryny goramak kanunyny girizmekçi.

«Türkmengaz» döwlet konserni daşary ýurtlaryň nebit we gaz kompaniýalary bilen TOPH-y durmuşa geçirmäge gatnaşmak, taslamanyň çeşmesi bolan dünýäniň iň uly gaz ýataklaryndan biri «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegi barada gepleşikleri geçirýär. Gazyň eýesi bilen kabul ediji döwlet hökmündäki Pakistanyň arasyndaky ylalaşyk boýunça gepleşikler hem tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

M.Amanow Türkmenistanyň hyzmatdaşlar bilen has ýakyn hyzmatdaşlyk arkaly taslamanyň durmuşa geçirilişini çaltlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy. Häzirki wagtda ileri tutulýan meseläniň, gaz geçirijiniň Türkmenistanyň serhedinden Hyrata çenli böleginiň gurluşygydygy bellenildi. Bu Owganystana gazyň iberilişiniň başlamaga mümkinçilik berer we maýa goýujylaryň taslama bolan ynamyny artdyrar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň