Putin türkmenistanly weterany 100 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady

13:2829.03.2024
0
18875
Putin türkmenistanly weterany 100 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady
Surat: pobedarf.ru

Rus diplomatlary Aşgabadyň ýaşaýjysy, Beýik Watançylyk urşunyň weterany Matrýona Wolginany bir asyrlyk ýubileýi bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň adyndan gutladylar.

Beýik Watançylyk urşunyň dowamynda Matrýona Wolgina aragatnaşyk operatory bolup, birnäçe frontlarda uruş hereketlerine gatnaşypdyr. Weteran zenanyň Aşgabatda ýaşaýandygy barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Telegram sahypasynda habar berilýär.

Umuman, Beýik Watançylyk urşuna 300 müň türkmenistanly gatnaşyp, olaryň 130 müň sanysy orden we medallara, 104-si Sowet Soýuzynyň Gahrymany adyna, 15-si bolsa «Şöhrat» ordenine mynasyp boldular.

Angarsk şäherinde (Irkutsk oblasty) Rosgwardiýanyň işgärleri Beýik Watançylyk urşunyň we içerki goşunyň weterany Ýuzefa Iosifowna Kosowany 100 ýyllyk ýubileýi bilen gutladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň