Bişkegi güýçli harasat basdy

09:4029.03.2024
0
10813
Bişkegi güýçli harasat basdy
Surat: mir24.tv

Bişkek şäherini güýçli gaý-harasat basdy, Gyrgyzystanyň paýtagtynda agaçlar ýykyldy, öýleriň üçegi gopdy diýip, «MIR 24» habar berýär.

Şemalyň tizligi sekuntda 28 metre ýetdi. Sosial ulgamlarda bişkekliler harasatyň ýetiren zyýanyny görkezýän wideoşekilleri ýerleşdirýärler. Olarda üstüne bag ýykylan awtoulaglar görkezilýär. Ýurduň Çuýsk oblastynda-da şeýle bulaşyk howa dowam edýär diýlip, habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň