Açyk deňiz hakda taryhy ylalaşyga gol çekildi

10:3428.03.2024
0
7973

Açyk deňiz hakda taryhy ylalaşyga 87 ýurt, şol sanda Ýewropa Bileleşigi, Hytaý we ABŞ gol çekdiler diýip, «24KZ» habar berýär.

Taslama dünýä ummanynyň bitarap suwlarynda deňiz goraghanalaryny döretmäge mümkinçilik berýär, emma borçly etmeýär. Döwletleriň wekilleriniň gol çekmegi diňe olaryň taslama gatnaşýandyklaryny aňladýar. Ol azyndan 60 ýurt ratifisirlän halatynda güýje girýär. Munuň ýarysy Ýewropa Bileleşiginiň hasabyna üpjün edilip bilner.

Ummanyň has çuňluklaryndan gazylyp alynýan baýlyklaryň köp çykarylmagy, şeýle hem balyk awlamagyň ekologiýa zyýan ýetirýän görnüşleri suwda ýaşaýan jandarlara howp salýar. Täze taslama 2030-njy ýyla çenli deňiz faunasynyň 40 göterimini goramaga mümkinçilik berer diýip, ekologiýany goraýjylar umyt edýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň