Russiýada Aleksandr Puşkiniň sanly awatary döredildi

09:1727.03.2024
0
8035
Russiýada Aleksandr Puşkiniň sanly awatary döredildi
Surat: gazeta.ru

Moskwada geçýän «Russiýa» halkara sergi-forumynda nusgawy rus şahyry Aleksandr Puşkiniň sanly awatary bilen tanyşdyryldy. Ol 13-nji martda bellenýän Emeli aň gününe gabatlandy diýip, intellektual ulgamlary işläp düzüji «Neuro.net» kompaniýasyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Emeli aň tarapyndan döredilen rus şahyrynyň sanly awatary öz goşgularyny okady hem-de terjimehalyndan wakalary gürrüň berdi. Wirtual Puşkin şeýle-de ýurduň Nižegorodsk oblastynyň Bolşoýe Boldino obasynda ýerleşýän beýik şahyryň muzeý-goraghanasyna baryp görmäge çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň