Gazagystan Türkmenistandan energiýa serişdelerini import etmäge gyzyklanma bildirýär

17:5926.03.2024
0
11961

Gazagystan Türkmenistandan energiýa serişdelerini import etmegiň mümkinçiligini öwrenýär. Bu barada ýurduň energetika ministri Almasadam Satkaliýew mälim etdi diýip, «Liter» saýty habar berdi.

«...Umuman, sarp edijilerimiz üçin täjirçilik özüne çekijiligine baglylykda, türkmen kärdeşlerimiziň gaz we elektrik togy baradaky tekliplerine garamaga taýýardyrys» diýip, ministr Almasadam Satkaliýew metbugat brifinginde belledi.

«Ylalaşyklara bagly. Hawa, hakykatdanam, teklip gyzykly bolsa, Gazagystanly sarp edijileriň bähbitlerini goramak üçin, bu teklibi kabul etmäge taýýar» diýip, Satkaliýew sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu babatda ýakyn wagtda «KazMunaýGaz» we «KEGOC» bilen türkmen tarapynyň arasynda gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan Merkezi Aziýanyň energetika bazaryndaky esasy ýurtlaryň biri bolmak bilen häzirki wagtda öz tebigy gazyny Hytaýa, Russiýa, Azerbaýjana (Eýranyň üsti bilen) we Özbegistana, elektrik energiýasyny bolsa Owganystana, Eýrana, Gyrgyzystana we Özbegistana eksport edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň