Owganystan Türkmenistanda ýene bir gezek öz harytlarynyň sergisini geçirmek isleýär

14:2826.03.2024
0
17625

Owganystanyň Senagat we söwda ministrligi geljek ýylda Türkmenistanda owgan harytlarynyň ýene bir sergisini geçirmek isleýändigini mälim etdi. Bu barada HHM habar berýär.

Ministrlik täze ýylda ýurduň içinde we daşary ýurtlarda 30-dan gowrak sergini geçirmegiň meýilleşdirilýändigini yglan etdi. Ähli sergiler goňşy döwletler we sebitiň beýleki ýurtlary bilen Owganystanyň özara söwdasynyň ösmegine gönükdiriler.

Owganystan Türkmenistandan başga-da Gazagystanda, Özbegistanda, Eýranda, Türkiýede, Russiýada we başga-da birnäçe ýurtda öz harytlarynyň sergilerini geçirmegi maksat edinýär.

Şeýle meýilnamalar 4-6-njy martda Türkmenistanda geçirilen sergide owgan öndürijileriniň gazanan üstünlikleri bilen baglanyşykly. Şol sergide taraplaryň arasynda köpsanly şertnamalara gol çekilipdi.

Sergi çärelerini guramak ministrlik tarapyndan Owganystanyň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak we sebitdäki hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm ugur hasaplanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň