«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik festiwaly geçirildi

22:3819.03.2024
0
12187

Şu gün Aşgabatda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik festiwaly geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň resmi saýtynda habar berildi.

Bellenilişine görä, bu festiwal Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Bilim ministrligi we Medeniýet ministrligi bilen bilelikde ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak, şeýle hem şahyryň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, ýaşlaryň kalbynda dana şahyryň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerimize söýgi döretmek, şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende götermek hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulysy Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik şahyryň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly ýaşlaryň arasynda dürli bäsleşikleriň geçirilmegi barada beren öwüt-nesihatlaryndan ugur alyp guraldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerinde Magtymguly Pyragynyň çeper keşbiniň beýan edilmegi, akyldar şahyryň goşgularynyň labyzly, çeper okalmagy we olardan bir wakanyň sahnalaşdyrylmagy, şahyryň goşgularyna düzülen halk aýdymlarynyň ýerine ýetirilmegi hem-de Pyragy barada ýaş şahyrlaryň öz goşgusyny çeper okamagy we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wasp edýän edebi-sazly kompozisiýanyň ýerine ýetirilmegi döredijilik festiwalynyň esasyny düzdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň