Düzüminde türkmenistanly Teýmur Çaryýewiň we Süleýman Muhadowyň çykyş edýän Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» kluby AFK Kubogynyň sebitara ýarym final tapgyrynyň jogap oýnunda myhmançylykda Taýwanyň «Taýçung Futuro» toparyny 3:1 hasabynda utdy. Şeýlelikde, gyrgyz topary iki oýnuň netijesi boýunça 8:1 hasabynda garşydaşyny ýeňip, ýaryşyň sebitara finalyna çykdy.
Teýmur Çaryýew oýny esasy düzümde başlan bolsa, Süleýman Muhadow 61-nji minutda Ernist Batyrkanowyň ornuna ätiýaçdan oýna goşuldy.
Ýeri gelende bellesek, «Abdyş-Ata» AFK Kubogynyň «E» toparçasynda Türkmenistanyň «Altyn asyr» we «Merw», Täjigistanyň «Rawşan» toparlary bilen güýç synanyşyp, birinji ýer bilen ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandy.
Mundan ozal, 23 ýaşly ýarymgoragçy Teýmur Çaryýewiň Gazagystan we Eýran bilen boljak oýunlara gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine çagyrylandygyny habar beripdik.