Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýe kofäni 146 ýurda eksport edýär

12:0013.03.2024
0
11519
Türkiýe kofäni 146 ýurda eksport edýär
Surat: trend.az

Türkiýe kofäni dünýäniň 146 ýurduna eksport edýär, soňky bäş ýylda bu önümiň daşary ýurtlara satuwy üç essa golaý artdy diýip, ýurduň Statistika edarasyna (TÜİK) salgylanýan «Trend.az» habar berdi.

TÜİK-niň maglumatlaryna laýyklykda, 2023-nji ýylyň jemleri boýunça Türkiýeden kofäniň umumy bahasy 57 million 491 müň dollara deň bolan 8 müň 652 tonnasy eksport edildi.

Türk kofesine, esasan, Siriýa, Belarus we Russiýa isleg bildirýär.

Kofäniň özi bilen birlikde eksport edijiler misden edilen kofe gaýnadylýan gaplaryň eksportyna hem uly üns berýärler, sebäbi olar kofäni türkçe taýýarlamakda möhüm serişdeler bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň