Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow türki dünýäsiniň ruhy mirasyny ýaş nesillere geçirmäge çagyrdy

11:1313.03.2024
0
21808

Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Aksakgallar geňeşiniň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde türki halklaryň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi berkitmegiň ähmiýetli bolşy ýaly, ýaş nesillere tejribäni, müňýyllyklara uzaýan ruhy mirasy geçirmek hem möhümdir.

— Ýaşlarda geçmişimize söýgi döretmek, olary halkyň, Watanyň bähbidine üstünlikleri gazanmaga taýýarlamak zerurdyr. Men şunda biziň geňeşimiziň işiniň esasy wezipeleriniň birini, bu ugurda döwlet tagallalary üçin daýanç hökmünde onuň ornuny görýärin — diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanda we daşary ýurtlarda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýär.

— Bu sene türki döwletlerde hem giňden bellenilip geçiler. Bu, elbetde, kanunalaýyk ýagdaýdyr. Çünki Magtymguly diňe bir türkmen milletiniň buýsanjy däldir. Ol ähli türki dünýäniň guwanjydyr, biziň halklarymyza mahsus bolan asyllylygyň, mertligiň, dogruçyllygyň, açyklygyň we edermenligiň nusgasydyr. Magtymguly hut şu häsiýetleri wasp edip, halklarymyzyň beýikligi hem-de gülläp ösmegi barada arzuw edipdir. Bu gün biz onuň kesgitlän ýoly bilen bilelikde öňe barýarys — diýip, Gahryman Arkadag nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň