Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Tamaş Şuýoka Wengriýanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany, mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Tamaş Şuýoka tüýs ýürekden berk jan saglyk, gujur-gaýrat, şeýle hem Wengriýanyň halkynyň öňe gitmegine, ýurduň gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.