Gyrgyz wekiliýeti Türkmenistanda geçiriljek halkara medeni çärelere çagyryldy

23:4810.03.2024
0
11030
Gyrgyz wekiliýeti Türkmenistanda geçiriljek halkara medeni çärelere çagyryldy
Surat: minculture.gov.kg

Bişkekde Gyrgyzystanyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministri Altynbek Maksutow bilen Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nury Gölliýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada «Bigasia» ýazýar.

Söhbetdeşler sport pudagyndaky hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugry diýip bellediler. Altynbek Maksutow iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dostluk, birek-birege hormat goýmak häsiýetinde ösýändigini aýdyp, medeni-ynsanperwer ugurda hem gatnaşyklaryň ösdürilýändigini belledi.

Diplomat Nury Gölliýew dostlukly ýurduň wekiliýetini Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly medeni çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň