Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kazan şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli duşuşyk geçirildi

16:2715.02.2024
0
21520

Kazan Federal uniwersitetiniň Filologiýa we medeniýetara aragatnaşyklar institutynda beýik türkemen şahyry, Gündogaryň görnükli filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygynyň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly Güýç Garaýew, Kazan Federal uniwersitetiniň halkara çäreler boýunça prorektory Timirhan Alişew, Tatarystanyň milli-medeni guramalarynyň ýolbaşçylary, talyplar we mugallymlar gatnaşdylar.

Baş konsul G.Garaýew duşuşykda eden çykyşynda 2024-nji ýylyň Türkmenistanda türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylandygyny, şahyryň döredijiliginiň halkara ykrarnamasy hökmünde onuň golýazmalarynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» sanawyna girizilendigini aýratyn belledi.

Çykyş edenler Magtymgulynyň şygryýetiniň ynsanperwerlik ýörelgelerini özünde jemleýändigini, halklary dostluga çagyrýandygyny bellediler. Şeýle-de, agzalan temalara degişli meşhur goşgularyndan setirleri mysal getirdiler. Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar tarapyndan Türkmenistan bilen Tatarstanyň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmek üçin Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny öwrenmegiň möhümdigi bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň