«Hekem» HK emlägi bahalandyrmak boýunça hyzmatlaryny hödürleýär

10:1414.02.2024
0
28976

«Hekem» kärhanalar topary müşderilerine emlägi bahalandyrmak boýunça hyzmatlary bermekde uly tejribä eýedir. Bu kompaniýa 2012-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň bazarynda işleýär.

Emlägi bahalandyrmak – bu obýektiň bahasyny ýa-da bu obýekte bolan aýry-aýry eýeçilik hukuklaryny kesgitlemäge gönükdirilen hereketleriň toplumydyr. Müşderi fiziki şahs hem, ýuridiki şahs hem bolup biler. Ýagdaýa baglylykda, bahalandyrmak işi meýletin – kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň karary bilen ýa-da hökmany – kanunyň talaby boýunça geçirilýär.

«Hekem» kompaniýasy aşakdaky obýektlere professional derejede emlägi bahalandyrma işlerini geçirýär:

• öýler, jaýlar, täjirçilik maksatly gozgalmaýan emläk;
• ofisler, dükanlar, önümçilik binalary;
• ofis enjamlary, mebeller, ätiýaçlyk şaýlary we materiallar;
• önümçilik enjamlary, tehnologiki gurluşlar;
• awtoulag serişdeleriniň ähli görnüşleri.

Mundan başga-da, «Hekem» aşakdaky hyzmatlary hödürleýär:

• işewürligi bahalandyrmak;
• intellektual eýeçiligiň obýektlerini bahalandyrmak;
• maddy däl aktiwleri bahalandyrmak.

«Hekem» girew esasynda karz almaga gönükdirilen maksatlar üçin we MHHS-nyň maliýe hasabatlaryny taýýarlamak üçin gaýtadan bahalandyrmak maksady bilen, emlägi bahalanyrmak işini amala aşyrýar.

Hünär jogapkärçiligi, netijelilik, amatly çemeleşme we ýokary hilli hyzmat kärhananyň işiniň esasy ýörelgeleridir. «Hekem» gysga wagtyň içinde emlägiň takyk we obýektiw bahalandyrylmagyny kepillendirýär.

Aşgabatdaky «Hekem» kärhanalaryndan maslahat almak we şertnama baglaşmak üçin şu salga ýüz tutp bilersiňiz: 10 Ýyl Abadançylyk köç., 98 (Bäş aýak).

Telefonlar: (+993 12) 47 81 15, (+993 62) 00 70 70.

Elektron poçta salgysy: hekem.info@gmail.com. Web-saýt www.hekem.com.tm.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň