Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda Möhüm minerallar boýunça «C5+1» görnüşindäki dialogyň ilkinji mejlisi geçirildi

15:1812.02.2024
0
27422
ABŞ bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda Möhüm minerallar boýunça «C5+1» görnüşindäki dialogyň ilkinji mejlisi geçirildi
Surat: newscentralasia.net

8-nji fewralda ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan Möhüm minerallar boýunça «C5+1» görnüşindäki dialogyň ilkinji mejlisi geçirildi. Mejlise döwlet sekretarynyň ykdysady ösüş, energetika we daşky gurşaw boýunça kömekçisi Hose U. Fernandes ýolbaşçylyk etdi. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat beýannamasynda habar berildi.

Mejlisde sebitiň möhüm minerallar babatda global üpjünçilik zynjyrlaryna gatnaşygyny artdyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, arassa energiýa çeşmelerine geçmekligi öňe sürmek hem-de Merkezi Aziýanyň täsin ekosistemalaryny goramak maksady bilen, Dialogyň öňünde goýlan maksatlar we wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise gatnaşan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary derejeli wekilleri daşky gurşaw, durmuş we dolandyryş ülňülerine laýyk gelýän möhüm minerallara maýa goýumlary goýmagyň mümkinçiliklerini ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

«C5+1» hyzmatdaşlygynyň çäginde taraplar mineral diwersifikasiýany we tehnologiýany ösdürmek ýaly möhüm maksatlara ýetmek üçin bilelikde işlemegiň artykmaçlyklaryny nygtadylar. Hususan-da, mejlisde Türkmenistanda Garabogaz aýlagynda ýerleşýän möhüm minerallar çeşmelerini özleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy hwm bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň