Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-da «elektron deri» döretdiler

11:3827.01.2024
0
26951

Tehasyň A&M uniwersitetiniň inženerleri adam derisine meňzeýän we 3D görnüşinde çap edilýän täze materialy döretdiler. Bu işläp taýýarlamany «elektron deri» we E-skin diýip atklandyrdylar diýip, Advanced Functional Materials (AFM) çeşmesine salgylanýan Mail.ru habar berýär.

Bu material sazlanyp bilinýän elektron we temperatura biosensorlama mümkinçilikleri bolan nanoinžener gidrogellerden durýar.

«Duýgurlyk ukybyny artdyrmak hem-de ony dürli tehnologiýalara ornaşdyrmak adam bilen maşynyň özara täsirinde we öňdebaryjy sensor tejribesinde täze mümkinçilikleri açýar» — diýip, barlagyň ýolbaşçysy doktor Ahileş Gaharwar belleýär.

E-skin döredijiler bu materialyň adamyň saglygyna yzygiderli gözegçilik edýän we maýyplaryň durmuş derejesini ýokarlandyryp biljek geýip bolýan lukmançylyk enjamlaryny döretmek maksady bilen ulanylyp bilinjekdigine ynanýarlar.

Bu täzeçilligiň awtorlary-işläp düzüjileri E-skiniň häzirki bioelektrik enjamlaryndan birnäçe tapawutly artykmaçlygynyň bardygyny bellediler. Ilki bilen, E-skin has çeýe we elastik häsiýetli bolup, derä has gowy ýapyşyp bilýär. Ikinjidenem, E-skiniň elektrik geçirijiligi güýçli bolup, ol fiziki signallary has takyk ölçemäge mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň