Top.Mail.Ru

26-njy ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri

08:1127.01.2024
0
29895

26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurduň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryny we durmuş ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, mejlisiň dowamynda ýangyç-energetika toplumyny, gurluşyk, söwda, ylym, daşky gurşawy goramak, ulag ulgamlaryny, halkara hyzmatdaşlygyny we oba hojalygyny ösdürmegiň meselelerine garaldy.

Ýangyç-energetika toplumy

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda «Hydro Plus» kysymly dizel ýangyjynyň önümçiligi ýola goýuldy. Ýangyjyň bu görnüşi ýokary tizlikli dizel hereketlendirijileri üçin howanyň aşa sowuk şertlerinde ulanmaga niýetlenendir. Şeýle-de zawodlar toplumynda «SAE 50 API CF-4» kysymly motor ýagynyň önümçiligi ýola goýuldy. Ol awtoulaglarda hem-de beýleki enjamlarda gurnalan kuwwatly dizel hereketlendirijileri üçin göz öňünde tutulyp, yssy howa şertlerinde ulanmaga niýetlenendir.

Gurluşyk

Aşgabatda umumy meýdany 50 gektara barabar bolan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň durkuny täzelemek işleri alnyp barylýar. Bu ýerde ýerüsti pyýada geçelgeleriň ikisini, welosiped ýodalaryny, dynç alyş bassyrmalaryny, suw howuzlaryny, bassyrmaly awtoduralgalary gurmak hem-de döwrebap yşyklandyryş sütünlerini ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de ýaşyl zolaklary döretmek işleri geçiriler.

Söwda

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hökümetde söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Batyr Atdaýewe ýurduň daşary ýurtlarda ýerleşýän söwda öýleriniň işini kämilleşdirmegi tabşyrdy. Munuň özi mahabat çärelerini başarnykly guramak arkaly gazanylmalydyr.

Türkmenistanda pudagara iş topary «Türkmenistanda öndürildi» milli haryt nyşanynyň şekilini saýlap almak işini tamamlady. Şeýle hem milli haryt nyşany hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Ylym

Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topar döwletiň innowasion ösüşine ýardam berjek ykdysady bähbitli teklipleri hödürledi. Teklipler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiliklerini giňeltmek boýunça tehnologiýalary seljermek arkaly işlenip taýýarlanyldy.

Daşky gurşawy goramak işi

Türkmen alymlary ylmy-synag meýdançalarynda türkmen arçasy, dagdan we pisse agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça ylmy-tejribe işlerini geçirýärler. Şeýle hem aýratyn goralýan tebigy ýerlerde duş gelýän ösümlikleriň seýrek we gymmatly görnüşlerini köpeltmek boýunça işler alnyp barylýar.

Mundan başga-da, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri ýabany haýwanlary, Türkmenistanda gyşlaýan ýa-da ýurduň üstünden uçup geçýän guşlary goramak hem-de seýrek duş gelýän ýabany haýwanlaryň sanyny hasaba almak babatda ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Ulag

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň Halkara deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek hakynda Konwensiýasyna goşulmagyň üstünde işleýär. Bu işler halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, dünýä standartlaryna laýyklykda deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek, daşary ýurtlar bilen söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen alnyp barylýar.

Halkara hyzmatdaşlygy

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýurduň wekiliýetiniň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. «Iş saparynyň jemleri boýunça umumy bähbitlere laýyk gelýän köpugurly türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalara gol çekildi» diýlip, hasabatda bellenilýär.

Oba hojalygy

Türkmenistanyň welaýatlaryndaky ekin meýdanlarynda gowaça ekişine taýýarlyk görülýär. Munuň üçin sürüm, tekizleýiş, geriş we çil çekmek işleri geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri dowam edýär. Welaýatlarda suwaryş hem-de şor suw akabalaryny arassalamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň