Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna bardy

02:1521.01.2024
0
37577

Şu gün — 20-nji ýanwarda ir säher bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, bu ýerde Halk Maslahatynyň Başlygy behişdi ahalteke bedewi bilen didarlaşyp, gezelenç etdi hem-de Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, käbir desgalaryň bezeg işleri, şeýle-de düzümleýin desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, ilki bilen, Arkadag şäheriniň athana toplumynyň binalary, olaryň ýerleşdiriliş aýratynlyklary w etoplumyň iş otaglarynda döredilen şertler bilen tanyşdy.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň wise-prezidenti 600 orunlyk athana toplumynda atşynaslaryň öndürijilikli işlemegi hem-de bu ýerde atçylyga degişli ylmy işleri alyp barmak ugrunda döwlet tarapyndan zerur tagallalaryň edilýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow atşynaslygyň milli ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylmagy babatda maslahatlaryny we öwüt-ündewlerini berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen bu ýerde Hanbeg atly behişdi bedew bilen didarlaşdy. Halk Maslahatynyň Başlygy atyň jylawyndan tutup, birsellem gezim etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri soňra bedewe atlanyp, ýöriş etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň