Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine Nowruz baýramy mynasybetli gutlag iberdi

12:4321.03.2025
0
16978
Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine Nowruz baýramy mynasybetli gutlag iberdi
Surat: Atavatan Türkmenistan

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmondan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Nowruz baýramy mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy.

Türkmen metbugatynda çap edilen gutlag hatynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti türkmen kärdeşine ýüzlenmek bilen, şeýle diýýär:

— Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Parahatçylyk, özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek taglymlaryna esaslanýan köpasyrlyk däpleriň we medeni mirasyň nyşany hökmünde taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän bu baýram halklaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär. Nowruz baýramynyň ýörelgeleri bizi ýurtlarymyzyň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostluk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda tagalla etmäge ruhlandyrýar.

Täjigistan Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygyň çäklerindäki döwletara gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berýär. Bu gadymy baýramyň beýik umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanyp, ýurtlarymyzyň köpugurly gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin mundan beýläk-de tagalla etjekdigimize berk ynanýaryn.

Bu şanly günlerde Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, abadançylyk we durnukly ösüş arzuw edýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň