Top.Mail.Ru

Emomali Rahmon Gurbanguly Berdimuhamedowy Halkara Nowruz güni bilen gutlady

12:5721.03.2025
0
18751
Emomali Rahmon Gurbanguly Berdimuhamedowy Halkara Nowruz güni bilen gutlady
Surat: Türkmenistanyň Nebit we Gazy

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Halkara Nowruz güni bilen gutlady.

"Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlag hatynda täjik Lideri türkmen halkynyň Milli Liderine ýüzlenmek bilen, şeýle ýazýar:

— Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Gadymy taryhy bolan bu baýram halklaryň arasynda köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýär. Nowruz baýramynyň ähmiýetini ýitirmejek däpleri bizi dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de giňeltmek üçin tagalla etmäge ruhlandyrýar.

Ýurtlarymyzyň bu gadymy baýramyň beýik umumadamzat gymmatlyklaryndan ugur alyp, hemmetaraplaýyn gatnaşyklarynyň many-mazmunyny baýlaşdyrmak boýunça mundan beýläk-de tagalla etjekdiklerine berk ynanýaryn.

Bu nurana günlerde Size berk jan saglyk, uzak ömür we täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, bagtyýarlyk, abadançylyk we durnukly ösüş arzuw edýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň