Top.Mail.Ru

«Bilesiň gelýärmi?» atly gepleşigiň nobatdaky sany ÝUNESKO bagyşlandy

19:2518.01.2024
0
31175

«Turkmenportal» web-saýtynyň «Bilesiň gelýärmi?» atly gepleşiginiň nobatdaky sanynda halkara gurama bolan ÝUNESKO barada gürrüň berilýär.

ÝUNESKO sözüniň özi bu guramanyň adynyň iňlis dilindäki «United Nations Educational, Scientificand Cultural Organization» diýlen jümleleriniň baş harpynyň alynmagy we birikdirilmegi esasynda emele gelipdir. Bu sözler türkmen diline «Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy» diýip terjime edilýär.

Häzirki wagtda 193 döwlet ÝUNESKO-nyň agzasy bolup durýar. Mundan başga-da 2 sany döwlet synçy, 10 sany döwlet bolsa hem Assosirlenen agzalardyr.

Gepleşikde Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada aýratyn durlup geçilýär. Şeýle hem bu halkara gurama barada gyzykly maglumatlar hem ýetirilýär. «Bilesiň gelýärmi?» atly gepleşigiň nobatdaky sanyny şu salgyda görüp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň