Top.Mail.Ru

Fransiýanyň moda birleşiginiň prezidenti türkmen modelýerleriniň işine ýokary baha berdi

15:3810.01.2024
0
26554

Aşgabadyň moda öýünde geçirilen türkmen paýtagtynyň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşulmagyna bagyşlanan jemleýji moda görkezişleri tamamlandy.

Moda görkezilişine Fransiýanyň moda birleşiginiň prezidenti Route De La Soie Et Al-Andalus hem-de moda görkezişleriniň guramaçysy Hind Judar gatnaşdylar.

CentralAsia.news saýtynyň ýazmagyna görä, myhmanlar bu günki günde türkmen dizaýnynyň we türkmen modasynyň öz ýüzüne hem-de aýratynlyklaryna eýe bolandygyny bellediler. Hususan-da, olar milli lybaslaryň moda dünýäsindäki häzirki zaman tendensiýalary bilen utgaşdyrylandygyny hem-de türkmen dizaýnerleriniň ýokary hünär derejesiniň bardygyny aýratyn nygtadylar.

Şeýle-de Judar ýokary derejede guralan moda görkezilişine oňat taýýarlyk görlendigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ol türkmen lybaslaryndan ybarat moda toplumlarynyň sebitiň we dünýäniň abraýly podiýumlarynda (moda sahnalarynda) görkezilmäge mynasypdygyny aýtdy.

Judar Türkmenistanyň özboluşly milli mirasy bolan elde edilýän nagyşlara we baý öwüşginli matalara aýratyn üns berdi. Ol türkmen kärdeşlerine milli lybaslaryň şeýle baý taryhyny we däplerini gorap saklamagy arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň