Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Işewürlik-daýjest: 2024-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň esasy ykdysady täzelikleri

10:3109.01.2024
0
11674

«Turkmenportalyň» nobatdaky işewürlik-daýjestinde Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi, ýangyç-energetika toplumynda, senagat we elektroenergetika ulgamlarynda gazanylan üstünlikler, ulag infrastrukturasynyň ösüşi, şeýle hem telekeçiler üçin möhüm bildirişler barada okap bilersiňiz.

Esasy wakalar hakynda gysgaça:

  • Türkmenistan we BAE hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen bäş sany möhüm resminama gol çekdi;
  • Balkan welaýatyna nebitgazly ýataklary özleşdirmek üçin Hytaýdan 30 sany kuwwatly buldozer gelip gowuşdy;
  • «Lebapgazçykaryş» tresti gaz çykarmak boýunça ýyllyk meýilnamasyny möhletinden bir aý öň ýerine ýetirdi;
  • Türkmenistan 2024-nji ýylda Owganystana 1,8 milliard kWt/sagat elektrik energiýasyny ibermek barada şertnama baglaşdy;
  • Lebap sement zawody Özbegistana 100 müň tonnadan gowrak sement iberdi;
  • Türkmenistan Gazagystan bilen serhetdäki Garabogaz gümrük nokadynyň durkuny täzelemäge girişer;
  • Pensiýa gaznasy telekeçilere pensiýa gatançlaryny tölemegiň möhletleri barada ýatladýar.

Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistan we BAE esasy ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen bäş sany möhüm resminama gol çekdiler. Hususan-da, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen BAE-niň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Resminama «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek üçin strategik hyzmatdaşlary çekmek, tebigy gazy sebitiň ýurtlaryna ibermek üçin gaz geçiriji infrastrukturany gurmak, şeýle hem metanyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak bilen baglanyşyklydyr.

Ýene bir möhüm resminama – Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de «First Abu Dhabi Bank» bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşykdyr. Mundan başga-da, «Türkmennebit» döwlet konserniniň we «Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Şeýle hem iki ýurduň awiasiýa edaralary howa gatnawlaryny ösdürmek barada Ähtnama gol çekdiler.

Ýangyç-energetika toplumy

Türkmenistanyň Balkan welaýatyndaky «Nebitgazçykaryş» trestine Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan kuwwatly buldozerleriň 30-sy gelip gowuşdy. Buldozerler welaýatyň nebitgazly ýataklaryny özleşdirmekde peýdalanylar, şeýle hem trestiň dürli desgalarynda gurluşyk-gurnama işleri üçin paýlanar.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň wekilleri 2023-nji ýylda tebigy gazy gazyp almak boýunça borçnamalaryny möhletinden bir aý öň ýerine ýetirdiler. Umumylykda alanyňda, «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň geçen ýylky meýilnamasy 9 milliard 875 million 120 müň kub metre barabardy. Noýabr aýynyň ahyryna öndürilen tebigy gazyň mukdary 9 milliard 964,6 million kub metre ýa-da ýyllyk meýilnamanyň 103 göterimine ýetdi.

Senagat we elektroenergetika

Türkmenistan we «Da Afghanistan Breshna Sherkat» (DABS) kompaniýasy 2024-nji ýylda Owganystana 1,8 milliard kilowat sagat türkmen elektrik energiýasyny ibermek barada şertnama baglaşdylar.

2023-nji ýylda Lebap sement zawody Özbegistana 107 müň 482 tonna sement iberdi. Goňşy ýurt gurluşyk materiallarynyň hiline we amatly bahasyna ýokary baha berdi.

Ýük daşamalary

Türkmenistan 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň başynda Türkmenistan – Gazagystan serhedinde ýerleşýän «Garabogaz» gümrük nokadynyň durkuny täzelemek işine girişer. Taslamanyň maksady gümrük nokadynyň çägini giňeltmäge, ony täzeden enjamlaşdyrmaga we geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Gurluşyk işlerini şu ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.

Bildiriş

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy ýurduň telekeçilere 2023-nji ýylyň II ýarym ýyly üçin pensiýa gatançlaryny tölemegiň zerurdygyny ýatladýar. Gatançlar 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 15-nji fewraly aralygynda tölenilmelidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň