Soňky habarlar

Archive news

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda täze açylan seýilgähe baryp gördi

19:3507.12.2015
0
513
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda täze açylan seýilgähe baryp gördi

6-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy bilen Aşgabatdada golaýda açylan täze “Bagtyýarlyk”  seýilgähine bardy. 

Türkmen döwletiniň we paýtagtynyň möhüm desgalary bolan Konstitusiýa binasy we “Älem” medeni-dynç alyş merkezi bilen bir bitewi binagärlik landşaft sazlaşygyny emele getiren we 784 müň inedördül metr meýdanda ýerleşýän seýilgäh Aşgabadyň günorta böleginde kemala gelýän dolandyryş-işewürlik hem-de medeni merkeziň binagärlik gözelligini aýdyňlyk bilen görkezýär. Seýilgähde agaç nahallarynyň onlarça müň düýbi oturdyldy hem-de bezeg gülleriniň ýüzlerçe müňüsi ekildi. Taslaýjylaryň pikirine görä, olar giň göwrümli şekilleri hem-de suratlary emele getirýär. Üstünden gelşikli köpri gurlan akabada dürli guşlar ýüzüşip ýörler.  

Türkmen döwletiniň Baştutany agtygy bilen seýilgähde gezelenç edip, seýilgähleri, ýaşyl zolaklary we toplumlary döretmekde türkmen halkynyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak, onuň gözelligini aýawly saklamak hem-de artdyrmak baradaky gadymdan gelýän däpleriniň aýdyň beýanyny tapýandygyna onuň ünsüni çekdi. 

Milletiň Lideri agtygy bilen “Bagtyýarlyk” seýilgähinde welosipedde gezelenç etdi.  Seýilgähiň ýodajyklary ulagyň ekologiýa taýdan arassa bu görnüşinde hem tigirçekli konkilerde gezelenç etmek üçin örän amatlydyr. 

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň