Türkmenistanyň milli telewideniýesinde hytaýlaryň «Şatlyk» atly serialy hem-de «Tolkun» atly dokumental filmiň üç bölümi tomaşaçylara ýetiriler.
Bu filmlere eýýäm türkmen dilinde ses berlip, 2024-nji ýylyň ýanwarynda ýaýlyma goýberiljekdigi barada Halkara habarlar merkeziniň saýty ýazýar.
Mundan ozal hem, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Hytaýyň «Naqada» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen telewideniýesinde «Biziň ýaşlarymyz» atly serial görkezilipdi.
Serial ilkinji gezek 2021-nji ýylda türkmen diline terjime edilip, «Miras» hem-de «Ýaşlyk» teleýaýlymlarynda tomaşaçylara ýetirildi diýip, çeşmede bellenilýär.