Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Işewürlik-daýjest: 20 – 26-njy dekabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady täzelikleri

16:0426.12.2023
0
14450

«Tyrkmenportalyň» nobatdaky hepdelik işewürlik-daýjestinde energetika we senagat pudaklaryndaTürkmenistan bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, ýük daşamalarynyň möçberleriniň artmagy, welaýatlarda täze iş orunlary döretmek we infrastrukturany ösdürmek boýunça meýilnamalar, şeýle hem türkmen ykdysadyýetinde bolup geçýän beýleki möhüm wakalar barada okap bilersiňiz.

Esasy wakalar barada gysgaça:

  • «Türkmenhimiýa» ýapon korporasiýalary bilen gazhimiýa desgalaryny abatlamak hakynda şertnama baglaşdy;
  • Türkmen gazyny ibermegiň we dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyň meseleleri ÝB bilen ara alnyp maslahatlaşyldy;
  • «Türkmennebit» nebit önümçiligini artdyryp,meýilnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi;
  • Nebiti gaýtadan işleýän desgalary döwrebaplaşdyrmak işleri alnyp barylýar;
  • Latwiýa bilen hyzmatdaşlykda ýükleri daşamak boýunça başlangyçlar öňe sürüldi;
  • Konteýnerleriň deňiz ulaglary arkaly daşalýan möçberleri artdyryldy;
  • Senagatda täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär.

Ýangyç-energetika toplumy

Türkmenistanyň ykdysady wekiliýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň dowamynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň arasynda iki şertnama gol çekildi. Şertnamalar Türkmenistanyň Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawody abatlamak boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi tebigy gazyň eksporty, Aşgabadyň atmosfera bölünip çykarylýan metanyň zyňyndylaryny azaltmak baradaky başlangyçlary, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösüşi baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda dünýä ykdysadyýetine goşulyşmak üçin Türkmenistanyň BSG-ä agza bolmagynyň meselelerine garaldy.

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 2023-nji ýylyň 11 aýynda 3 million tonnadan gowrak nebit gazylyp alyndy we bu babatdaky meýilnama 111 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle Bu işde «Gumdagnebit», «Keýmir», «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň zähmet toparlary has uly üstünlikleri gazandylar.

«Türkmennebit» DK Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň nebiti çuňňur gaýtadan işleýän desgalarynydöwrebaplaşdyrmak işleri alyp barýar. Döwrebaplaşdyrmak işleri nebiti gaýtadan işleýän zawodyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilýär.

Ulag we logistika

Türkmenistan Latwiýanyň ulaglar pudagynyň wekilleri bilen geçirilen onlaýn duşuşygyň dowamynda Ýewropadan harytlary ygtybarly daşamak üçin anyk başlangyçlary teklip etdi.

2023-nji ýylyň 11 aýynyň dowamynda Türkmenistanyň deňiz söwda floty deňiz ulaglary arkaly daşalýan konteýnerleriň sanyny 3846 TEU-a çenli artdyryp, takmynan, 4 esse ýokarlandyrdy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 277,3 göterim köpdür. Ýük daşalaryň umumy ösüşi 21,6 göterime deň bolu

Gurluşyk

Türkmenistanyň Arkadag şäherinde täze senagat desgalarynyň gurulmagy netijesinde müňlerçe täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär. Kärhanalardaekologiýa taýdan arassa we eksporta gönükdirilen önümçilikler ýola goýlar.

«Türkmenawtoulaglary» agentligi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda, şeýle-de, Balkanabat, Daşoguz, Türkmenabat we Mary şäherlerinde täze awtotürgenleşik meýdançalarynyň guruljakdygyny yglan etdi. Şunuň bilen baglylykda, awtotürgenleşik meýdançalary üçin zerur bolan ulag serişdelerini, okuw enjamlaryny we materiallary satyn alnar.

Senagat

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni TürkmenistanyňBalkan welaýatyndaky «Guwlyduz» kombinatynda ýokary hilli we ekologik taýdan arassa duzuň täze önümçiliklerini ýola goýar.

Daşoguz döwlet elektrik stansiýasynda ýylyň başyndan bäri 1,2 mlrd kilowatt sagatdan gowrak elektrik energiýasy öndürildi.

Halkara hyzmatdaşlygy

2024-nji ýylyň başynda Aşgabatda geçirilejk hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisinde türkmen-russiýa ykysady hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini ulanmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň