Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gyzgyn kofeniň ýakymly ysy we «Coffee Project-iň» mähirli gurşawy gyş günlerini ýagtylandyrar

09:5223.12.2023
0
37934

Gyşyň sowuk günlerinde bir käse lezzetli gyzgyn kofe içmek hem-de bu ajaýyp içginiň tagamynyň ähli aýratynlyklaryny we sazlaşygyny duýmak aýratyn ýakymly duýgy. «Soltan» restoranlar zynjyrynyň «Coffee Project» nokady hem müşderilerine şeýle kofe hödürleýär. Bu ýerde saýlama kofe dänelerinden islendik tagama laýyk gelýän içgiler taýýarlanýar.

Edaranyň tejribeli baristasy tarapyndan söýgüli içgiňiziň taýýarlanyş sungatyna tomaşa etmek hem aýratyn lezzet. Şeýle hem ol kofeni nädip taýýarlamalydygy we dadyp görmelidigi barada maslahat berýär.

Mysal üçin, «Coffee Project-iň» baristasy kapuçino hakynda şeýle belleýär: ony derrew, gyzgynka içmeli. Kapuçino şeker talap edilmeýän doly hukukly süýjülik hasaplanyp bilner, sebäbi içgä süýt bilen süýjülik berilýär, şonuň üçin oňa şeker goşup, garyşdyrmak içginiň gurluşyny bozýar. Şeýle hem bu hereket aslynda ýalpyldawuk, elastik, gyradeň, iň gowy ýagdaýynda – köpürjiksiz bolmaly süýt köpüginiň bölünmegine sebäp bolýar. Ol çemçe bilen iýilmän, içgi bilen bilelikde (niýetlenilişi ýaly) içilýär. Süýt murtlary onuň üstünlikli taýýarlanylandygyny aňladýar.

Şeýle hem Espresso taýýarlanylandan soň derrew birnäçe owurt içilýär. Espresso bilen bilelikde berilýän bir bulgur suw kofeden soň däl-de, öň içilýär. Bu tagam reseptorlaryny arassalamak we bedende suw deňagramlylygyny saklamak üçin edilýär diýip, hünärmen düşündirýär. Espresso üçin bilelikde berilýän çemçe bolsa şekeri garyşdyrmak üçin däl-de, kremi garyşdyrmak (espresso köpügi) üçin ulanylýar.

«Slow coffee» (kofe maşynda taýýarlanmadyk kofe) eýýäm başga gürrüň diýip, barista, belleýär. Ol öňki nusgawy görnüşlerden tapawutlylykda, howlukman içilýär. Onuň ady hem muny tassyklaýar. Ilkinji owurt edilmezden ozal içgi azajyk «dem almaýança» garaşmaly. Kofe kislorod bilen baýlaşyp, tagam mümkinçiligini açyp başlaýar. Ilkinji owurtlardan soň, kofeni 5-10 minut garaşdyrmaly, şeýdilse ol has tagamly bolar. Bu kofe, beýleki goşundylar ýaly, şekeri hem talap etmeýär.

Gowrulan kofe däneleriniň we güýçli kofeniň ýakymly ysy, dürli görnüşde hödürlenýän süýjülikler we «Coffee Project-iň» rahat hem-de söhbetdeşlik üçin amatly gurşawy diňe gyşda däl, eýsem, ýylyň islendik wagtynda içiňizi ýyladar.

«Coffee Project-iň» «Berkarar» SDAM-nyň üçünji gatynda, kinoteatryň ýanynda ýerleşýändigini ýatladýarsy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 60) 20 50 02, (+993 12) 46 84 80, (+993 12) 46 84 81.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň