Top.Mail.Ru

Işewürlik-daýjest: 12 – 19-njy dekabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady täzelikleri

16:2919.12.2023
0
18981

«Tyrkmenportalyň» nobatdaky hepdelik işewürlik-daýjestinde Türkmenistanyň esasy ykdysady täzelikleri – energetika pudagynyň, ýük daşamalarynyň, senagatyň, gurluşygyň, söwdanyň we oba hojalygynyň ösüşi barada okap bilersiňiz.

Esasy wakalar hakynda gysgaça:

  • Türkmenistan we Owganystan TOPH hem-de TOP taslamalaryny ilerletmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar;
  • Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty ýük daşamalary üçin nyrh ulgamyny täzeledi;
  • Türkmenistan BSG-ä goşulmak meselesi boýunça BMGÖM bilen geňeşmelerini dowam etdirýär;
  • Türkmenistanyň birnäçe senagat kärhanalarynyň görkezijileri çap edildi;

Balkan welaýatynda Garabogaz aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygynyň barşy baradaky maglumatlar mälim edildi.

Ýangyç-energetika toplumy

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparynyň dowamynda TOPH gaz geçirijisiniň we TAP ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy Owganystanyň daşary işler ministri, dag-magdan senagaty ministri hem-de söwda we senagat ministri bilen duşuşyklary geçirdi.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 2023-nji ýylyň başyndan bäri 200 müň tonnadan gowrak benzin, 107 müň tonna dizel ýangyjy we 20 müň tonna ýol bitumy öndürildi. Jemi 420 müň tonnadan gowrak uglewodorod gaýtadan işlenildi.

Ýük daşamalary

Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty portuň çäginde Logistiki merkezini döretmek, şeýle hem ýük goryny emele getirmek maksady bilen, nyrh ulgamyny täzeledi. Täze nyrh ulgamy bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy ýurduň içinde ýük daşamalary boýunça hyzmatlarynyň nyrhlarynyň arzanladylandygyny habar berdi. Hyzmatyň bahasy iberilýän nokat bilen gowşurylýan salgynyň arasyndaky uzaklyk bilen kesgitlenýär. Töleg nagt görnüşde, bank karty arkaly ýa-da ýuridik şahslar üçin hasapdan hasaba geçirmek esasynda kabul edilýär.

Russiýa Federasiýasynyň «FESCO» ulag-logistika kompaniýasy hem-de Özbegistanyň demirýollary kompaniýasy Türkmenistanyň çägi arkaly Türkiýä, Afrika we Ortaýer deňziniň kenaryndaky ýurtlara täze üstaşyr ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşdylar. Bu babatda «FESCO» kompaniýasynyň intermodal hyzmatlary ulanylar.

Senagat

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda 2023-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda 94 million 147 müň manatlyk önüm öndürildi. Öndürilen önümleriň hatarynda fosforly mineral dökünleriň 246 müň 535 tonnasy, kükürt kislotasynyň 89 müň 560 tonnasy we hlorly hekiň 197 tonnasy bar.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz pagta egriji fabrigi Döwlet haryt-çig mal biržasy arkaly Ýewropa we Aziýa ýurtlaryna iberilýän önümleriniň möçberlerini yzygiderli artdyrýar. Kärhana ýylda 14,5 müň tonna önüm öndürmäge ukyplydyr we bu önümler Italiýa, Türkiýä we Hindistana eksport edilýär.

Gurluşyk

Türkmenistanyň Balkan welaýatyndaky Garabogaz aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilen 8 sany demirbeton direginiň eýýäm 6-sy, şeýle hem 3 demir we 4 demirbeton sütün aralyklary guruldy. Meýilnama laýyklykda, gurluşyk işleri 2024-nji ýylyň iýun aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Köpriniň uzynlygy 200 metrden gowrak bolar, eltiji ýollary bilen bilelikde bolsa umumy uzynlygy 2 kilometre barabar bolar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy binalaryny – baş binany, Merkezi ylmy kitaphanany we «Ylym» neşirýatyny düýpli abatlamak boýunça bäsleşik (tender) yglan etdi.

Söwda

BMGÖM-niň bilermeni Maksim Medwedkow ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ýurduň BSG-ä goşulmagyna taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana geldi. Duşuşyklaryň dowamynda milli we halkara kanunçylygy sazlaşdyrmagyň, BSG-niň şertnamalaryndan gelip çykýan wezipeler bilen utgaşdyrmagyň, şeýle hem alnyp barylýan işleri we standartlary halkara talaplaryna laýyk getirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Yslam Ösüş Banky (YÖB) Aşgabatda Ministrler Kabinetiniň, ugurdaş ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri, şeýle hem ýerli potratçylar hem-de geňeşçiler üçin döwlet satyn almalaryny netijeli geçirmek boýunça dört günlük okuw sapagyny geçirdi.

Oba hojalygy

Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň daýhanlary pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamany artykmajy bilen ýerine ýetirip, oba hojalyk ýylyny üstünlikli tamamladylar. Olar 16 müň tonnadan gowrak «ak altyny» döwlet harmanyna tabşyrdylar, bu meýilleşdirilişinden hem has artykdyr. Esasan hem Bereket we Gyzylarbat etraplarynyň pagtaçylary aýratyn tapawutlandylar.

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň iri daýhan hojalyklarynyň şalyçy kärendeçileri şalynyň bol hasylyny ýygnap, ýyllyk döwlet tabşyrygyny artygy bilen berjaý etdiler. Jemi 8,1 müň gektar meýdandan 35 müň tonnadan gowrak hasyl alyndy – bu göz öňünde tutulan ýyllyk meýilnamalaýyn tabşyrykdan has artykdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň