Şuşa şäherinde Azerbaýjanyň Medeniýet ministrligi we TÜRKSOÝ tarapyndan bilelikde guralan «Türki dünýäniň medeni paýtagty — 2023» ýylyň resmi ýapylyş dabarasy boldy. Onda 2024-nji ýylda Türki dünýäniň paýtagty Şuşadan Türkmenistanyň Änew şäherine geçirildi.
AZERTAC-yň habaryna görä, Azerbaýjanyň medeniýet ministri Adil Karimli Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowa Türki dünýäsiniň Hemişelik Medeniýet ministrleriniň Geňeşiniň başlyklygynyň nyşanyny gowşurdy.
Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow «Türki dünýäniň medeni paýtagty Şuşa — 2023» ýylyň resmi ýapylyş dabarasynda çykyş etdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň medeniýet ministri türki döwletleriň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Ministr şeýle çäreleriň türki dünýäniň agzybirligine, birek-birek bilen tanyşmagyna we medeniýetleriň ýaýramagyna hyzmat edýär diýip nygtady.
Ozal Türkmenistanyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilendigi barada habar beripdik. Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylda Azerbaýjanyň Şuşa şäheri Türki dünýäniň medeni paýtagty boldy.
Änewden ozal Türkmenistanyň şäherleriniň arasynda Mary şäheri 2015-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýen derejä eýe bolupdy.