Ozal habar berşimiz ýaly, ertir, 14-nji noýabrda Aşgabat şäherinde «Bagtyýar döwürde teatr sungaty» atly IV halkara teatr festiwalynyň açylyş dabarasy bolar. Dabara Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda geçiriler.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, halkara festiwala Türkiýe Respublikasynyň Kölegeler teatrynyň döredijilik topary hem gatnaşar.
Halkara festiwalyň çäginde Türkiýäniň Kölegeler teatry «Garagöz we Hajiwat» atly sahna eseri bilen çykyş eder. Sahna eseri 15-nji noýabrda Türkmen döwlet gurjak teatrynda görkeziler. Oýun 17:00-da başlanar. Oýnuň režissýory Uýsal Güýç Filizdir.