1. Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Mejlisi geçirildi. Mejlise ýurduň dürli ykdysady pudaklarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Onuň dowamynda, hususan-da, milli demokratiýanyň ösdürilmegi we ýaşlar syýasaty, hukuk medeniýetini we ylmyny döwrebaplaşdyrmak, şeýle-de bilim we sport ulgamlaryny ösdürmek ýaly ugurlara aýratyn ähmiýet berildi. Mejlisde esasy meseleleriň hatarynda 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisinden soňra durmuşa geçirilen işler hem-de ondan gelip çykýan wezipeler dogrusynda durlup geçildi.
2. Şu gün türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow bank ulgamynyň işgärlerini we bütin türkmen halkyny gutlady. «Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!» - diýlip, Gutlagda bellenilýär.
4. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar serhet howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi we ekologiýa, şeýle hem ulag-aragatnaşyk ulgamy bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar sebitde durnukly hem-de howpsuz ösüşi üpjün etmek meseleleri boýunça işjeň we netijeli gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
5. Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral ýakyn wagtda diplomatik işini tamamlar. Ol bu babatda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň yglan edilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabarada myhmansöýerligi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Diplomatik missiýanyň başlygy Aşgabatda bolmagyny hasam öwüşginli pursatlara beslän we aýaly Dunýa hem-de türkmen paýtagtynda doglan ogly Jan üçin ýatdan çykmajak ýere öwrülen Aşgabatda türkmen dostlaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Dünýäde
7. Stambuldaky dünýä belli Aýýa-Sofiýa metjidine baryp görmek daşary ýurtlular üçin tölegli bolar. Bu barada Türkiýäniň medeniýet we turizm ministri habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar. Aýýa-Sofiýany VI asyrda hristian ybadathanasy hökmünde gurdular, XV asyrda ol metjit boldy. Şondan 500 ýyl geçensoň, Aýýa-Sofiýa muzeý derejesini aldy we ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
8. Özbegistan şaý-sepleriň gymmaty 100 million sumdan geçmese, hökmany suratda şaý-sepleri yglan etmegiň tertibini ýatyrdy. Özbegistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 31-nji oktýabryndaky degişli Karary bilen, kanunçylyga degişli üýtgeşmeler girizildi. Resminama laýyklykda, adamlar Özbegistanyň gümrük çäginden ýolagçy gümrük deklarasiýasyny doldurmazdan, 100 million sum çemesi gymmat bahaly şaý-sepleri eksport edip bilerler.
Sport täzelikleri
9. Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 20-nji tapgyrynda «Şagadam» myhmançylykda «Arkadag» topary bilen, «Nebitçi» bolsa «Ahal» bilen duşuşar. «Energetik» bilen «Merw» Mary, «Altyn asyr» bilen «Aşgabat» bolsa paýtagt derbisinde güýç synanyşar. Häzir «Arkadag» topary 16 duşuşykda toplan 48 utugy bilen ýaryşyň başyny çekýär. Ikinji orundaky «Altyn asyr» ondan 10 utuk yzda. Ilkinji üçlügi 29 utukly «Nebitçi» jemleýär.