Top.Mail.Ru

Daşkentde türkmen we özbek ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi

13:2230.10.2023
0
31020

29-njy oktýabrda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň binasynda türkmen we özbek ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döredijilik duşuşygy beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, oňa iki ýurduň şahyrlarydyr ýazyjylary, medeniýet we ylmy işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Özbegistanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenler gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Bu ýerde ilki bilen Daşkent şäherinde ýerleşýän «Ýazyjylar seýilgähine» gezelenç guraldy. Bu ýere ýygnananlara seýilgähiň taryhy hem-de onda döredilen mümkinçilikler barada gürrüň berildi.

Gezelenç tamamlanandan soňra Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň muzeýi bilen tanyşlyk çäresi guraldy. Muzeýde Özbegistanyň halk ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň, edebiýatşynaslarynyň ömri we döredijiligi bilen tanyşdyrýan diwarlyklar, arhiw fotosuratlary, dürli döwürlere degişli neşirler, ýygyndylar ýerleşdirilipdir.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýetine özbek edebi işgärleriniň bitiren hyzmatlary, döreden eserleri we mirasy barada gyzykly gürrüňler berildi. Hususan-da, nusgawy we häzirki zaman türkmen edebiýatyna degişli eserleriň özbek dilindäki neşirleri görkezildi. Munuň özi türkmen edebiýatynyň goňşy halklarda uly gyzyklanma döredýändigini aýdyňlygy bilen subut edýär diýlip, habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň