Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 34 basgançak ýokary galdy

17:0605.11.2015
0
1651

FIFA-nyň reýtinginiň noýabr aýyndaky netijeleri Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň 34 basgançak ýokary galandygyny görkezýär. Muňa esasy goşant goşan zat bolsa ildeşlerimiziň dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde oktýabr aýynda geçiren duşuşyklarynda gazanan iki ýeňşidir. Şol duşuşyklara çenli Türkmenistanyň milli ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 155-nji orny eýeleýärdi.

Reýting sanawynyň başyny ýene-de Belgiýanyň ýygyndysy eýeleýär. Argentinanyň milli ýygyndysy bolsa bu aýda öz ornuny Germaniýa berip, üçünji orna geçdi. Kriştiano Ronaldonyň ajaýyp ussatlygy bilen netije gazanýan Portugaliýanyň ýygyndysy dördünji orunda. Ýaňy ýakynda yklymyň Kubogyna mynasyp bolan çilili futbolçylar bolsa, netijesini 4 basgançak ýokarlandyryp, 9-njy orundan 5-nji orna çenli beýgelmegi başardylar. Ispanlar 6-njy orundaky ýerini saklap galypdyr. Oňa derek yklym ýaryşynda şowsuz çykyş eden Kolumbiýanyň ýygyndysy bir, braziller bolsa iki basgançak aşak gaçypdyrlar.

Öňümizdäki ýylda Fransiýada geçiriljek Ýewropa çempionatynyň toparçalaryna gönümel düşmegi başaran Türkiýäniň milli ýygyndysy bolsa, ençeme ýyldan soňra, iň güýçlüleriň 20-ligine girmegi başardy.

Eýranly futbolçylar ýene-de AFK boýunça öňdeligini saklaýarlar. Ýöne dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda Oman bilen geçirilen duşuşygy kynlyk bilen deňlikde tamamlanan eýranly futbolçylar. Noýabr aýyndaky sanawda 4 basgançak aşak düşüp, 43-nji ýere gelipdirler.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda bolsa iň gowy netijäni özbegistanly futbolçylar görkezýär. Olar görkezijisini ýene 3 basgançak gowulandyryp, 71-nji orna çykypdyrlar. Türkmen futbolçylary bolsa sebitiň 5 döwletiniň içinde ikinji orunda.

Ildeşlerimiziň dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryndaky bäsdeşleriniň arasynda Eýranyň ýygyndysy iň öňdäki orunda (43-nji orun). Görkezijisini 10 basgançak ýokarlandyran omanly futbolçylar bolsa 92-nji orna çenli beýgelipdirler. Reýting sanawynda Guamyň ýygyndysy 155-nji, hindistanly futbolçylar 172-nji orny eýeleýärler.

Noýabr aýynyň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Eýranyň we Omanyň ýygyndylary bilen boljak duşuşyklarda gowy netijeleri görkezip bilen halatynda, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň FIFA-nyň reýtingindäki derejesi has hem ýokarlanyp biler. Möhüm synaglarda ildeşlerimize üstünlik arzuw edýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň