Soňky habarlar

Arhiw

10-njy oktýabrda Türkmenistanda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi açylýar

21:4209.10.2023
0
19239

Ertir Aşgabatda her ýyl geçirilmegi indi däbe öwrülen "Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe" atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlaýar.

Sergini Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraýar.

Üç günläp dowam etjek sergide ýurduň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda gazanylanlar görkeziler.

Serginiň iş tertibi:

  • 10-njy oktýabrda --- 10:00-dan 18:00-a çenli;
  • 11-nji oktýabrda --- 10:00-dan 18:00-a çenli;
  • 12-nji oktýabrda --- 10:00-dan 15:00-a çenli.

Serginiň guralýan ýeri bolan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň salgysy: Aşgabat şäheri, Çandybil şaýoly, 143.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň