Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Yragyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär, Ýagşymyradow «Bellator» ýaryşynda ýeňiş gazandy, Türkmenistanyň medeniýet ministri TURKSOÝ-yň mejlisine gatnaşar we beýleki habarlar

13:0509.10.2023
0
25183

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen Yragyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa as-Sudaniniň arasynda Bagdatda geçirilen duşuşygyň dowamynda Yrak Respublikasynyň Prezidentiniň ýakyn wagtda Türkmenistana iş saparynyň amala aşyrmaga taýýardygy aýdyldy. Duşuşykda Yragyň Hökümetiniň başlygynyň öz ýurdunyň Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny hem-de isleg bildirýändigini belläp geçdi, şunda energetika düzümi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň birine öwrüler. Ýeri gelende bellesek, elektroenergetika ministri Zaid Ali Fadel bilen geçirilen gepleşikleriň netijesinde, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Mundan başga-da, Yragyň her ýylda, takmynan, 10 milliard kub metr mukdarda türkmen tebigy gazyny almaga taýyndygy habar berildi.

2. 13-14-nji oktýabr aralygynda Türki medeniýetiň halkara guramasy TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 40-njy mejlisi geçiriler. Däp bolşy ýaly, mejlisde TURKSOÝ tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşylar, 2024-nji ýyl üçin öňde duran wezipeler kesgitlener we degişli çözgütler kabul ediler. Duşuşykda kabul ediljek möhüm kararlaryň biri hem «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» adynyň Änew şäherine geçirilmegi bolar.

3. Aşgabat şäherinde keşdeçi gelin-gyzlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa Türkmenistanyň ähli künjeklerinden keşdeçiler gatnaşdylar. Bäsleşik üç şertden ybarat boldy: işiň taýýarlyk tapgyry, keşdäni saýlamak we taýýarlanan el işlerini wasp etmek. Emin agzalary matanyň dyzdaky saklanyş ýagdaýyndan başlap, iňňäni dogry tutmak ukybyna çenli ähli aýratynlyklara baha berdiler. Netijede, baş baýraga Ahal welaýatyndan gatnaşýan keşdeçiler mynasyp boldular.

4. Türkmenistanyň wekilleri Astanada geçirilen «NewSilkWay» atly 6-njy halkara ulag-logistika işewürlik maslahatyna gatnaşdylar. Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew ýurtda ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň ösdürilişi we döwrebaplaşdyrylyşy barada çykyş etdi. Türkmenistanyň Wýetnam, Koreýa Respublikasy we Italiýa ýük gatnawlaryny ýola goýup, Aziýanyň we Ýewropanyň ýurtlary bilen howa gatnawlaryny artdyrmagy meýilleşdirýändigi bellenildi.

5. Şu ýyl «PrixItalia 2023-iň» Baş Assambleýasynyň mejlisine 13 täze ýurt gatnaşdy, olaryň hatarynda Türkmenistan, hususan-da, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň wekiliýeti bar. Festiwalyň çäklerinde Ýewropanyň telekompaniýalarynyň we Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem türkmen wekiliýeti festiwalyň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy, däp boýunça onuň ahyrynda baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Dünýäde

6. Murmansk howa menzilindäki uçuş-gonuş zolagyna çykan sugun uçaryň gonmagyna päsgel berdi. Howa menziliniň ýerüsti gullugy haýwany wagtynda görüp, uçaryň ekipažyna çagyrylmadyk myhman hakynda duýdurdy. Uçarmanlar ikinji gezek aýlaw etmeli boldular. Howa menziliniň işgärleri sugunyň uçaryň hereketlendirijileriniň sesinden gorkup, aerodromda iki tarapa ylgap başlar öýdüp gorkdular. Bu ýagdaýda onuň nirä hereket etjekdigini öňünden çaklamak mümkin bolmazdy. Mundan başga-da, güýzde sugunlaryň jübütleşmek döwri başlanýar, şeýlelikde, bu haýwanlar hüşgärligini we öz-özüni goramak instinktini ýitirýärler.

7. Germaniýada täze hünär, ýagny ýalňyzlyk meseleleri boýunça hünärmen peýda boldy. Şeýle ýöriteleşdirilen ilkinji psiholog 2024-nji ýylda Berlinde işe başlar. Ýalňyzlyk meseleleri boýunça hünärmeniň wezipesi üns we aragatnaşyk ýetmezçiliginden ejir çekýän adamlara adaty jemgyýetçilik durmuşyna gaýdyp gelmäge kömek etmekdir. Berliniň häkimliginiň maglumatlaryna görä, Germaniýanyň paýtagtynyň her on ýaşaýjysynyň biri özüni ýalňyz duýýar. Bu esasanam garry adamlara degişlidir. Häzirki wagtda täze wezipä dalaşgärler gözlenýär. Olaryň aragatnaşyk ulgamy boýunça ýokary bilimi we sosial ulgamda işlemek boýunça azyndan iki ýyl tejribesi bolmalydyr.

Sport habarlary

8. Aşgabat wagty bilen 8-nji oktýabra geçilen gijede garyşyk başa-baş söweş sungatlary boýunça türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow Kaliforniýada geçirilen «Bellator 300» ýaryşynyň çäginde polşaly Maseý Rozanskini ýeňlişe sezewar etdi.. Ýarym agyr agram derejesinde geçirilen tutluşyk üç raund dowam etdi we eminleriň biragyzdan gelen netijesine görä, Türkmenistanyň wekiliniň ýeňşi bilen tamamlandy. 34 ýaşly Ýagşymyradow üçin bu «Bellatordaky» yzly-yzyna üçünji ýeňiş boldy. Indi onuň garyşyk başa-baş söweşlerde 21 ýeňşi, ýedi ýeňliiş we bir deňme-deňligi bar.

9. Aşgabatda Ýokary liganyň klublarynyň arasynda Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 15-nji tapgyrynyň yza süýşürilen oýny geçirildi. Paýtagtly klub «Köpetdag» stadionynyň meýdançasynda «Merwi» kabul etdi. Duşuşyk ýer eýeleriniň peýdasyna 4:1 hasabynda tamamlandy. «Köpetdag» 20 utuk toplap, Ýokary liganyň sanawynda bäşinji ýerde barýar. «Merw» bolsa 7-nji orny eýeleýär.

10. 23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda Hançžou şäherinde geçirilen XIX Tomusky Aziýa oýunlarynda türkmen türgenleri 7 medal gazandylar. Bu abraýly ýaryş 45 ýurtdan 15 müňe golaý gatnaşyjyny bir ýere jemledi. Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň milli ýygyndysyna topara 1 kümüş we alty bürünç medal getiren 67 türgen wekilçilik etdi. Kümüş medala kuraş göreşi boýunça halkara sport ussady Tejen Tejenow 90 kilograma çenli agram derejesinde mynasyp boldy. Bürünç medal gazananlar: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa, kuraşçylar Aýnur Amanowa we Işanmyrat Ataýew, boksçy Baýramdurdy Nurmuhammedow, erkin göreşçi Döwletmyrat Orazgylyjow we karateçi Baýry Baýryýew (67 kg çenli).

11. «Ahal» toparynyň goragçysy Hakmuhammet Bäşimow ilkinji gezek Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy düzümine çagyryldy. Ondan öň bu oýunçy ýetginjekler we ýaşlar toparlarynda oýnapdy, 23 ýaşly futbolçy toparyň Dubaýda güýzki okuw-türgenleşigine gatnaşar. Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama oýunlaryna taýýarlyk görmek üçin BAE-niň çempionatynyň klublary bilen iki sany dostluk duşuşygyny geçirer. Bäşimow 2023-nji ýylyň ýanwaryndan bäri «Ahalyň» düzüminde çykyş edýär. 19-njy sentýabrda goragçy AFK-nyň Çempionlar ligasynyň çäginde «Al-Feýha» bilen geçirilen oýunda çykyş etdi we Elman Tagaýewe gol üçin ýardam pasyny berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň