Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 5 — 8-nji oktýabry günlerinde Türkmenistanyň döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Yragyň paýtagty Bagdat şäherine gulluk iş saparyny amala aşyrdy. Yragyň elektroenergetika ministri Ziýad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşykda bu ýurduň Elektroenergetika hem-de Nebit ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň şu ýylyň 22-23-nji awgustynda Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň netijeleri hem-de ony dowam etdirmek babatda alnyp barylýan işler barada söhbet edildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş saparynyň gün tertibine laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi.
Soňra taraplaryň duşuşygy giňişleýin düzümde dowam etdirildi.
Duşuşykda bellenilişi ýaly, Yrak tarapy bilen gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksadynda, türkmen tebigy gazyny SWAP usulynda Eýran Yslam Respublikasyndan üstaşyr geçirip, Yrak Respublikasyna her ýylda, takmynan, 10 milliard kub metre golaý tebigy gazy ibermek göz öňünde tutulýar.
Şeýle-de duşuşykda tebigy gazy SWAP usulynda Eýran Yslam Respublikasyndan üstaşyr akdyrmak babatda Eýran Milli gaz kompaniýasy bilen hem duşuşyklaryň geçirilýändigi bellenildi.
Türkmen tarapy her ýyl Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahatyň geçirilýändigine ünsi çekip, giň gerimli bu çäräniň özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetlidigini bellediler.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary Yrak tarapyny şu ýylda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly halkara maslahata gatnaşmaga çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.
Şeýle-de, okaň: