Türkmenistanyň döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şu ýylyň 5 — 8-nji oktýabry aralygynda Yraga gulluk iş saparyny amala aşyrdy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Yraga türkmen tebigy gazyny ibermek bilen bagly meseleler boýunça degişli düzümleriň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler. Gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalara gol çekildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen wekiliýetiniň Yragyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa as-Sudani bilen duşuşygy boldy.
Taraplar Türkmenistan bilen Yrak Respublikasynyň arasynda gaz pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýändigini belläp geçdiler. Şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmeginiň taraplaryň arasynda diňe bir ýangyç-energetika pudagynda däl, eýsem, beýleki pudaklarda-da hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine uly badalga berjekdigini bellediler. Duşuşykda Premýer-ministr Yrak Respublikasynyň Prezidentiniň ýakyn wagtda Türkmenistana iş saparynyň amala aşyryljakdygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hormat goýýandygy baradaky sözlerini we mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Yrak Respublikasynyň arasynda ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini belläp, birek-birege rowaçlyk arzuw etdiler.