1-nji oktýabrda Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde Türkmenistanyň küşt federasiýasynyň Kubogyny almak ugrunda ýaryş badalga aldy. Şweýsar ulgamy boýunça 11 aýlawda geçirilýän ýaryşa şu gezek iň köp mukdardaky küştçi – jemi 287 adam gatnaşýar.
2 aýlawdan soň, saýlanan iň gowy 64 küştçüden soň, has gyzykly we çekeleşikli hem-de garaşylmadyk oýunlar başlanar. Ýaryşlara sport ussady Şahruh Turaýew, 18 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda ýurdumyzyň çempiony, dünýä reýtinginde 2193 reýtingi eýeleýän Amanmuhammet Hommadow we 18 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda wise-çempion Wepaly Halynyýazow dagylar hem gatnaşýar.
Erkekler bilen umumy toparda çykyş edýän zenanlaryň içinde iň gowy netije görkezenler üçin aýratyn sanaw düzüler. Zenan küştüleriň içinde sport ussatlygyna dalaşgär Ogulsuraý Baýrambaýewa, zenanlaryň arasynda FIDE-niň ussadu Lala Şöhradowa we 20 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda ýurdumyzyň çempiony Merýem Agajanowa dagylar bar.
Türkmenistanda geçirilen küşt oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek, şu gezekki ýaryşyň netijeleri (www.chess-results.com) halkara onlaýn platformada ýerleşdiriler. Federasiýanyň baýrak gaznasy 10 müň manat töweregindedir. Ýaryşda umumy hasapda 5, zenanlaryň arasynda 3 baýrakly orun kesgitlener. 18 ýaşa we 12 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda hem baýrakly orunlar bar.
6-njy oktýabra çenli dowam etjek ýaryşlaryň netijeleri 7-8-nji oktýabrda küştüň “rapid” we “blis” görnüşleri boýunça aýratyn oýunlar geçiriler.