Soňky habarlar

Arhiw

Resmi: Nagelsman Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

15:5922.09.2023
0
40439

Ýulian Nagelsman futbol boýunça Germaniýanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy. Bu barada Germaniýanyň Futbol bileleşigi habar berdi.

Gol çekilen şertnama laýyklykda, 36 ýaşly hünärmen «bundestimi» 2024-nji ýylyň 31-nji iýulyna çenli türgenleşdirer.

Nagelsman Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi hökmünde beren ilkinji interwýusynda ähli ünsüni 2024-nji ýylda Germaniýada geçiriljek Ýewropa çempionatyna jemlemek isleýändigini aýtdy.

«Ýurdumyzda Ýewropa çempionaty bolar, bu möhüm waka. Ähli ünsümi şol ýaryşa jemlärin. Geljek ýyl bitewi topar bolarys» diýip, Germaniýanyň milli ýygyndysynyň täze baş tälimçisi belledi.

Ýeri gelende bellesek, Nagelsman şu wagta çenli «Bawariýa», «Leýpsig» we «Hoffenhaým» ýaly toparlara halypalyk etdi. Onuň soňky iş ýeri Mýunheniň «Bawariýa» topary (2021-2023-nji ýyllar) bolupdy.

Germaniýanyň milli ýygyndysy indiki oýnuny 14-nji oktýabrda geçirer. Şol gün Germaniýanyň we ABŞ-nyň milli ýygyndylary ýoldaşlyk duşuşygynda güýç synany’arlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň