Turkmenportal logo
30.05.24
1043210432
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly tennisçi Hindistanda geçirilýän halkara ýaryşyň 1/8 finalyna çykdy

25-nji maýda Hindistanyň Haýdarabat şäherinde tennis boýunça 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempionatyna ― «Asian 14&U Grade A» halkara ýaryşyna badalga berildi. 1-nji iýuna çenli dowam etjek ýaryşa türkmenistanly tennisçi Ilima Guseýnowa hem gatnaşýar.


Miraly Gasanowyň şägirdiniň ýaryşa üstünlikli girişendigini aýratyn nygtamak gerek. Ol ýekelikdäki bäsleşikde 1/32 finaldaky garşydaşyny — hindi tennisçisi Sanidýu Karantudy 6:1, 6:2 hasabynda ýeňmegi başardy, bäsleşigiň 1/16 böleginde bolsa Hindistanyň wekilleriniň ýene birini — Jahnawi Tamminedi 6:1, 6:3 hasabynda ahmyrda goýdy. Bu ýeňişleri Ilimany ýaryşyň 1/8 finalyna çykardy.


Türkmen tennisçisi jübütleýin bäsleşikde hem şowly çykyş edýär. Ol hindi tennisçisi Karthiko Padmakumar bilen jübütlikde utgaşykly oýun görkezdi we ýarymfinala çykmagyň hötdesinden geldi.


Ýaryşa ABŞ-dan, Singapurdan, Tailanddan, Hytaý Taýpeýinden hem-de ýer eýeleri bolan Hindistandan tennisçi gyzlar gatnaşýar.