Turkmenportal logo
01.06.24
1243412434
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ABBA topary Şwesiýanyň Patyşasyndan rysar ordenini aldy

Şwesiýanyň Patyşasy Karl XVI Gustaw meşhur ABBA şwed pop-toparyna milli we halkara aýdym-saz durmuşyna goşan goşandy üçin rysarlyk ordenini gowşurdy diýip, «MIR 24» ýazýar.


Sylaga toparyň agzalary Benni Andersson, Agneta Feltskug, Anni-Frid Reýs we Býern Ulweus mynasyp boldylar, sylagyň gowşurylyş dabarasy Stokgolmdaky Patyşa köşgünde geçdi.


Şwesiýada Patyşa ordenleri 1974-nji ýyldan bäri gowşurylman gelýärdi. 2022-nji ýylda ýurduň Parlamenti ordenleri gowşurmagy dikeltmek barada kanun kabul etdi.


ABBA 1970-nji ýyllaryň başynda döredilen şwed pop-toparydyr. Ol aýdym-sazyň taryhynda iň üstünlik gazanan toparlaryň biri boldy, ABBA «Dancing Queen», «Mamma Mia», «Waterloo» atly birnäçe aýdymlary bilen şöhrat gazandy.