Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşa düşmek howpy: bu dertden nädip saplanmaly?

0
18189

Köp adamlar doýan mahalynda hem üns bermän, ellerini halaýan zatlaryna biygtyýar uzadanyny bilmän, işdäsine erk etmezlik duýgusy bilen tanyşdyr. Artykmaç iýmitlenmek, ýagny aşa düşer derejede naharlanmak diňe bir adaty gözegçilik etmeli endigem däl-de, aslynda köpimiziň özümizden gizlinlikde söweşýän zadymyz diýsegem ýalňyş bolmasa gerek.

Artykmaç iýmitlenmäge nähili faktorlar täsir edýär?

Artykmaç iýmitlenmegi mälim we nämälim diýen ýaly görnüşler bilen tapawutlandyryp bolar.

Belli bir ýagdaýlarda, mysal üçin, dynç alyşda ýa-da oturylyşykda ýüze çykýan artykmaç iýmitlenmegiň epizodiki ýagdaýy mälimdir.

Mälim däl ýagdaý — artykmaç iýmidi zerur bolan mukdaryndan köp iýmekdir, ýöne muny adam duýmaýar. Mälim däl ýagdaýda artykmaç iýmitlenmek has howpludyr, sebäbi bu duýulmaýar we gaty agram salýar.

Artykmaç iýmitlenmäge sebäp bolýan daşarky sebäpler:

Iýmitlenmegiň kadasynyň bozulmagy. Eliňe ilen zady iýmek, ýolugra garbanmak, gijelerine agyr naharlary iýmek — bularyň hemmesi artykmaç agram salmagyň, saglygyň ýaramazlaşmagyna we dürli keselleriň ösmegine getirip bilýän zatlardyr.

Nahar meýilnamasyny düzüň, nahary öýde taýýarlaň, şol bir kadaly wagtlarda naharlanyň, naharlanmagyň aralaryna wagt salyň — bu ýönekeý düzgünler iýmitlenişiňizi dikeltmäge kömek eder.

Kafeteriýalaryň, çörekhanalaryň we beýleki köpçülikleýin azyk dükanlarynyň örän köp sanly görnüşleriniň bolmagy. Bişirilen önümleriň özüne çekiji yslary, kafeleriň ajaýyp bezegli hatlary, satyjylaryň mähirli ýüzleri — bularyň ählisi bizi sagdyn iýmitlenmegiň ýolundan çetleşdirmäge synanyşýar.

Nädip bu zatlara garşy durup bolar?

• ertirlik naharyny meýilleşdiriň.
• ýanyňyz bilen nahar alyň.
• kafe köp bolan ugurlardan gaça duruň.
• ajygýan wagtyňyz dükana gitmäň.

Lezzetli aldaw. Çipsleriň, tortlaryň, doňdurma we beýleki önümleriň ajaýyp tagamlary marketologlaryň maksada okgunly işiniň netijesidir. Boýaglary, tagamlary we tagamy güýçlendirijileri ulanmak önümleriň müşderileri mümkin boldugyça özüne çekiji bolmagy üçin öndürijileriň ulanýan käbir syrlarydyr. Bu önümlerde süýji, duzly we ýagly goşundylar garşy durup bolmajak täsirleri döredýär.
Iýmit manipulýasiýasynyň pidasy bolmazlyk üçin has tebigy we adaty önümleri oýlanyşykly saýlamak zerurdyr.

Dözmezlik. Köp adam iýmiti dolulygyna iýmän goýmazlyk islemeýär. “Zyňmak dözer ýaly däl”, “Eýýäm tutuş puly tölendi”, “Muny tarelkada goýup bolmaz” — bu pikirler bizi artykmaç iýmitlenmäge iterýär, bu diňe bir daş keşbimize zyýan ýetirmän, eýsem biziň saglygymyza-da ýaramaz täsir edýär.

Organizmiňize diň salyň. Hakykatdanam aç wagtyňyz iýiň we doýanyňyzda iýmekden saklanyň. Ýeterlik iýmit iýmedigiňiz üçin özüňizi günäkär duýup, kadaly iýmitiňizi bozmaň.

Etika. Köp medeniýetlerde myhmansöýerlik köp dürli görnüşli iýmitleri öz içine alýar. Şeýle-de bolsa, stoluň üstündäki bol naharlar diňe bir garnyňy doýurman, eýsem saglyk problemalaryna hem sebäp bolup biler.

Sypaýçylyk bilen özüňe ideg etmegiň arasynda deňagramlylygy nädip tapyp bolar? Myhman bolan mahalyňyz sypaýyçylyk bilen kiçi bölek nahar almagy soraň.

Gastronomiki synaglar. Uzak ýurtlara syýahat etmek bize ekzotik tagamlary synap görmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de bolsa, bu dadyp görmek islegine aşa ýol bermek we nätanyş aşhanadan gereginden artyk iýmitlenmek gerek däldir.

Ünsüňi sowýan faktorlar adamlaryň gereginden artyk iýmegine sebäp bolýar. Artykmaç iýmitlenmezlik üçin telewizoryň ýa-da kompýuteriň öňünde iýmekden saklanmalydyr. Ýakyn adamlar bilen bile naharlanan wagtyňyz bolsa umumy keýpe goşulyp gitmez ýaly nahar bölekleriniň möçberine üns bermelidir.

Kompulsiw artyk iýmitlenmek:

Içerki psihologiki ýa-da psihofiziologiki meseleler sebäpli ýüze çykýan gözegçiliksiz iýmitlenmek örän üns berilmegini we hemmetaraplaýyn çemeleşmegi talap edýär. Muňa eýerilmedik ýagdaýlarda lukmanyň kömegi zerur bolup biler.

Kompulsiw artyk iýmitlenmek — bu iýmitlenmekdäki näsazlygyň agyr görnüşlerinde bulimiýa öwrülip bilýän iýmit bozulmasydyr.

Kompulsiw artykmaç iýmitlenmegiň alamatlary:

• bedeniň agram indeksiniň (BAI) yzygiderli ýokarlanmagy;
• agramyň tiz üýtgemegi: çalt horlanmak ýa-da çalt semremek;
• ukusyzlyk we ýatmakda ýüze çykýan müşgillikler, esasanam ýadawlyk we güýç ýitirmek bilen bagly ýüze çykýar;
• hemişe iýmit siňdiriş bozulmalary;
• açlygy duýman ýygy-ýygydan iýmitlenmek;
• nahar bölekleriniň kem-kemden yzygiderli ýokarlanmagy;
• işdäňe gözegçiligiň ýitmegi;
• aşa iýmitlenilenden soň, ruhy çökgünlik we günäkärlik duýgusy.

Käbir ýagdaýlarda ýeterlik isleginiň bolan halatynda adam artykmaç iýmitlenmek meselesine garşy özbaşdak hem göreşip bilýär. Şeýle-de bolsa, köplenç hünärmeniň kömegi talap edilýär.

Deňagramlylygy tapmak möhüm! Tagamly we sagdyn iýmitlerden lezzet alyň, ýöne muny bar aladaňyza öwürmäň. Galyberse-de, durmuşyň adaty bir gap-gaçdaky tagamlardan has uly zatdygyny ýatdan çykarmaň.

Peýdalanylan çeşmeler: dzen.ru/Be First. Спортивное питание

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar