Prezident Serdar Berdimuhamedow 31-nji maýda sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi. Onuň barşynda wise-premýer B.Atdaýew Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň söwda toplumynyň işini kämilleşdirmek, eksportyň möçberini we ugurlaryny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ýurtda öndürilýän önümleri daşarky bazarlara ýerlemek, eksport edilýän, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň nyrhlaryna gözegçilik etmek, önüm öndürijileriň eksport mümkinçiliklerine ýardam bermek maksady bilen, bu ulgamyň işine öňdebaryjy tehnologiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow eksport we import edilýän harytlaryň nyrhlaryna gözegçiligi amala aşyrmagyň zerurdygyny nygtap, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyna maglumat hyzmatlaryny ýerine ýetirmek baradaky teklibi goldady hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.